Endigan ädim ädip hereket etmek, ýol geçmek.
Olar her wagt burunlaryny açyp, hemişekileri ýaly parahat ýöreýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýaňky tilkijik ýol ýöräp barýarka, bir tanyş tilkä duşupdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Ýoly ýörän ýeňer, işi- ýapyşan. (nakyl)
Herekete gelmek, işläp başlamak, işlemek.
Otly ýuwaş-ýuwaşdan ýöräp ugrady.
Görkezilen ugur, düzgün boýunça hereket etmek.
Seniň bellän ýoluň bilen düz ýöräp, Watnmyzy gülüstana öwürdik. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Organizme güýçli täsir edip ýaýramak (ary, ýylan we s. m. zäheri hakda).
Halk arasynda: -- Içýanyň zäheri sary adama gaty ýöreýär -- diýilýär.