[a:latozan]
Ýokary galan tozan, turan tozan.
Ah çekdi-de atyna bir gamçy çaldy welin, alatozan turuzdy ötägitdi. (M. Gorkiý, Eserler)
Mergeniň tazylary hem alatozan turzup, häli aldym-da şindi aldym edip barýarlar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Möjek aýagynyň agyrysyna çydap bilmän, iki-baka urnup, daş-töweregini alatozan edipdir we uly ses bilen uwlap gygyrypdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)