Tabşyrylan işi öz wagtynda ýerine ýetirýän, öz işine gaýym, hüşgär, sak, hakyna gaýym.
Gullugyňa sak hem jür bolmaly. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ol daşdan göräýmäge örän gowşak ýaly hem bolsa, işine örän jür adamdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Işiňe jür bolmak.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem jür - jürüm, jürüň.