seret aşgazan
Ol biziň mädämizi, bagyr-bajygymyzy dograp, meýdana taşlap biler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Ol teşnelikden horluk çeken balyk ýaly mädesini giň açyp, agşamyň tämiz howasyny içgin-içgin sorýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Nahar dandamaýan, horan.
Bä-ä her ýerde mädesi iri ýigitler bar-ow! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Dok mäde-açgöz däl, doýgun.
Birinji gelen dok mäde möjek bolsa maslygyň ol ýerinden bir bu ýerinden bir agyz uran bolup ýördi. (J. Akyýew, Mergeniň ogly)