Örän uly, ägirt uly daýaw.
Garpyzlaryň her biri Köpetdagyň mähmet daşlary ýaly çaknyşyp ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Pökgen özüniň mähnet göwresini zordan göteripi loňk --loňk edip ylgaýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýuwaşça ösýän şemal tokaýyň köp ýaşan mähnet agaçlaryny çalaja yraýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Birdenkä arka tarapda yzly-yzyna mähnet gümmürdiler gopdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Göçme manyda Zähmet azaby, jebir-jepa, kynçylyk, azap.
Şol çekilen mähnetleriň indi rähneti ýetip gelýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Meniň mähnetimi etmegin zaýa. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
Gelen döwlet, giden mähnet. (nakyl)