Müňkür bolmaklyk, betgümanlyk, şübhelilik, iňkislik.
Bu sözden meniň ýüregimde müňkürlik peýda boldy. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Müňkürlik gowy zat däl, göwnüme bolmasa, olar başlyklarynyň hem gybatyny edýän ýalydylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýagşy söz ýylany hinden çykarsa, müňkürlik adamyny sandan çykarýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Onuň agzy köpelen gözleri gojaman müňkürlik bilen garaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem müňkürlik - müňkürligi.