Adamyň islegi, hyýaly, niýet-pikiri.
Siz bu päliňizden el çekiň! (Myraly)
Dostlar bilen ýeňiş toýny guraryn, ýeňýänçäm barmazlyk pälim, söwdügim. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Kiçi göwünli, men-menlik etmeýän, uly göwünli däl, gopbamsy däl.
Geçirer başyndan her hili güni, hoş güni pes päldir, bolmaz men-meni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Erbet pikire düşen, bozuk hyýally.
Päli azan tilki hinine bakyp üýrer. (nakyl)
Päl azman başa bela gelmez. (nakyl)
Niýetini erbetlige tutan, päli ters ugra gönükdirilen.
Artyk gaňrylyp seredende, Eziz onuň päliniň bozukdygyny bildi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret päliňden tapmak päliňden tapmak
Ahyry päliňe görä tapyp pis açypsyň. (A. Gowşudow. Mähir-Wepa)
Ol tüýs päline görä tapypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ters edýän hereketiňden işiňden el çekmek, ýaman hyýalyňdan dänmek, toba etmek.
Allaly par pälinden gaýdyp, haramzadaçylygyny goýaýypdyr öýdýän. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bolşuňa niýetiňe görä erbet zada sezewar bolmak, uçramak.
Düşüşde bolup maslyk bilen ýaragy pälinden tapypdyr päli azan ýagy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Men-menlik edýän, ýokary göwünli bolan, gopbamsy.
Päli uly adam.