Gözegçilik ýa-da agtaryş netijesinde bir zady ele salmak, nirededigini bilmek.
Şol şöhle salyp duran ýaly hemme adamlar tapsynlar. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Tapan -- begener, tanan-alar. (nakyl)
seret amat
Amatyn tapdym-da bökdüm üstüne, ykjam tutdum bogazyndan dessine. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
seret göwnüni tapmak göwnüni tapmak
Ol her bir adamynyň garrylaryň-da, ýaşlaryň-da, hatda çagalaryň-da dilini tapýar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)
seret dogry
Jumany hem partiýa hataryna götermegi dogry tapyp, olaryň partiýa hataryna kabul edilmegini ýaçeýka sekretaryna tabşyrdylar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
seret göwün
seret jan
Bu sessiz bakyşdan olaryň janlary aram tapan ýaly boldy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
seret päl
Öz pälinden tapar, kim bolsa ýeser. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
seret ugur
Eýdip-beýdip, ugrun tapyp arada sümen eken ol bir ýolbaşçy işe. («Tokmak» žurnaly)
seret ýol tapmak ýol tapmak
Awçylar we çopanlar azaşanlarynda, ugur tapmak üçin şol özboluşly ösümliklerden peýdalanypdyrlar. («Mydam Taýýar» gazeti)
Höwes bilen, yhlasly (görüp-görüşmek).
seret ýol
Şeýle oýlana-oýlana bir ýol tapdym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)