telek te‧lek

Ýalňyş, nädogry, galat, bolmaýan, gelşiksiz.

  • Käwagt dogry zadyň hem bir bada adamyň gözüne telek görünýändigi bolýandyr. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Kişiniň betbagtlygyna gülmek telekdir. («Tokmak» žurnaly)

  • Sen indi öz eden işiň telekdigine düşünýärsiň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Däliniň ýüz gepi telek, bir gepi gerek. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem telek - telegi.


Duş gelýän formalary
  • telekdi
  • telekdigine
  • telekdigini
  • telekdir
  • telekmi